+99312258867 +99312324531
tjk@sanly.tm
tm TM en EN ru RU

Türkmenbaşy jins toplumy

Giriş
Halananlar
cart
Sebet
cart
  • Zenanlar
  • Erkekler
  • Çagalar
x
  • Zenanlar
  • Erkekler
  • Çagalar
Giriş Halananlar
  • +99362859444
  • tjk@sanly.tm
  • Baş sahypa
  • Täzelikler
News
Akhmadullina Dreams haryt nyşany 2023-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin niýetlenen toplumy bilen  tanyşdyrdy

Russiýanyň Akhmadullina Dreams haryt nyşany 2023-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin niýetlenen toplumy bilen tanyşdyrdy. Bu barada buro247.ru habar berýär.  

Toplum plaşlary, paltolary, zenan lybaslaryny, erkek köýnekleri we köýnekçelerini, switşotlary, jins şortlarydyr kurtkalary öz içine alýar. 

Haryt nyşanynyň ýörelgesine laýyklykda, her aýyň öz temasy - ugry bolýar. Şunuň bilen baglylykda, fewral we mart aýlarynyň baş gahrymanlary  ýolbars hem pişik boldy. Aprel aýynyň egin-eşiklerinde bolsa gülli nagyşlar we guşlaryň suratlary ýerleşdirildi. 

19.03.2023
News
Geçen hepdede TDHÇMB-de söwdalaryň barşy

6-12-nji mart aralygynda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda jemi 33 geleşik baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 müň dollaryna deň boldy. 

Owganystanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň telekeçileri dollar serişdelerine «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni we uçar kerosinini, şeýle hem portlandsementi satyn aldylar. 

Türkmen işewürlerine içerki bazaryň zerurlyklary üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen ýol nebit bitumy hem-de el halylary ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 32 million 617 müň manat boldy.

16.03.2023
News
Sport egin-eşikleriniň haryt nyşany New Balance  we AS Roma futbol topary bilelikde toplum taýýarlady

Amerikanyň sport egin-eşiklerini öndürýän haryt nyşany New Balance we AS Roma futbol topary Legacy ady bilen bilelikde toplum taýýarlady. Bu barada buro247.ru habar berýär.

Toplum italiýan futbol toparynyň gelip çykyşyna we taryhyna hormat nyşany hökmünde döredildi. Täze egin-eşikleriň hatarynda sport güpbüsi(kurtka) we köýnekleriň iki görnüşi bar. Olar futbol toparynyň däp bolan gyzyl hem sary reňklerinde däl-de, ýaşyl reňkde taýýarlanyldy. 

14.03.2023
News
Lacoste haryt nyşany polo köýneginiň 90 ýyllygy mynasybetli täze toplumy taýýarlady

Lacoste haryt nyşany polo köýnekleriniň döredilmeginiň 90 ýyllyk ýubileýi mynasybetli täze görnüşleriň 5-sinden düzülen  toplumy müşderilere hödürleýär. Bu barada buro247.ru-nyň WWD-e salgylanýan habarynda bellenýär.

Täze toplumda nusgawy görnüşe ähmiýet bermek bilen, döwrebaplygyň sazlaşygy saklanylýar. 

Polo köýnegi 1933-nji ýylda döredildi. Fransuz tennisçisi Rene Lakost türgenleriň umumy egin-eşik düzgünine ters gelýändigine garamazdan, köýneginiň ýeňini kesip aýrypdyr. 

11.03.2023
News
TDHÇMB-de geçen hepdedäki söwdalar

27-nji fewral 5-nji mart aralygynda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda jemi 14 geleşik baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 729 müň dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi belleýär. 

Owganystanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlaryna dollar serişdeleriniň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz,  «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt, şeýle hem buýan köki ýerlenildi. 

Türkmen telekeçileri  «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen esas ýagyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 4 million 680 müň manat boldy. 

07.03.2023
News
Martyň ahyrynda Burberry modalar öýüniň ilkinji kitaby okyjylara ýetiriler

Burberry modalar öýi döredilmeginiň 160 ýyllygy mynasybetli kitap neşir etdirer. Onda 1856-njy ýyldan – Tomas Berberriniň ýörelgesinden başlap, haryt nyşanynyň önümçiligine Deniýel Liniň gelmegine çenli döwrüň taryhy gürrüň berler. Bu barada buro247.ru-nyň WWD-e salgylanýan habarynda bellenýär.

Neşir 5 bölümden ybarat bolup,  suratlaryň 200-sini özünde jemlär.  Kitabyň üsti bilen okyjy Burberry haryt nyşanynyň şekiliniň döreýşi, onuň ösüşine goşant goşan taryhy şahsyýetler  we beýlekiler bilen tanşar. 

Neşiriň resmi goýberilişi 28-nji martda  bolar. 

05.03.2023
News
Geçen hepdede TDHÇMB-de baglaşylan söwda geleşikleriniň netijeleri

Geçen hepdede, 20-26-njy fewralda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda jemi 13 geleşik hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million 721 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi belleýär. 

Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem portlandsementi, nah ýüplügini we tüýjümek önümleri satyn aldylar. 

Daşary ýurt pulunyň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine umumy bahasy 4 million 175 müň manat bolan nah ýüplügi ýerlenildi.  Mundan başga-da, türkmen telekeçileri içerki bazaryň zerurlyklary üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 2 million 500 müň manat boldy.

02.03.2023
News
Milanda Louis Vuitton haryt nyşanynyň sergisi açyldy

LV Trainer aýakgaplarynyň (krossowkalarynyň) görnüşine täzeçillikleri girizmek bilen bagly işleriň ilkinji bölegine bagyşlanan sergi fransuz modalar öýi Louis Vuitton tarapyndan açyldy. Ol Milandaky Garage Traversi-de ýerleşýän Louis Vuitton dükanynda geçirilýär. Bu barada buro247.ru Hypebeast-e salgylanyp habar berýär.

Aýakgaplaryň(krossowkalaryň) görnüşi bolan LV Trainer haryt nyşanynyň erkek egin-eşikleri ugrunyň suratkeşlik boýunça  öňki ýolbaşçysy Wirjilu Ablo tarapyndan döredildi. 2019-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde müşderilere ýetirilen bu aýakgaplar uly meşhurlyga eýe boldy. 

28.02.2023
News
Italiýan haryt nyşany Furla tebigatda dargaýan deriden taýýarlanan ýantorba bilen tanyşdyrdy

Milanda geçirilen moda hepdeliginde Furla kompaniýasy tarapyndan tebigatda dargaýan deri materialyndan taýýarlanan  Unica atly ýantorbalar görkezildi.  Unica-nyň ýasalyşynda diňe tebigy elementler: doňuz derisi, ýüňi, ýagy we mineral duzlar ulanyldy. Şonuň netijesinde tebigata düşensoň materialyň dargama derejesi  98 göterimdir. Bu barada buro247.ru habar berýär.

Ýantorbalar 6 reňkde we iki görnüşde(orta kross-bodi we şoper) müşderilere hödürlenilýär.

25.02.2023

  • «
  • ‹
  • …
Logo

Türkmenbaşy
jins toplumy

Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etrap, Aşgabat-Türkmenbaşy gatnaw ýoly, 13 km
+99362859444
+99312258867    +99312324531
+99312258874
tjk@sanly.tm
RSS
Kategoriýalar
  • Zenanlar
  • Erkekler
  • Çagalar
Maglumat
  • Biz barada
  • Saýtymyzdan nädip sargamaly
  • Töleg tertibi we eltip bermek
Habarlaşmak
© 2023 Ähli hukuklar goragly.