Soňky täzelikler

Hemmesini görkez
News
«Asuda akym» HJ gidrawliki ulgamlar üçin ýokary täsirli ýaglary hödürleýärv

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti gidrawliki ulgamlar üçin niýetlenen «Şir Ýag» haryt nyşanly ýaglaryň hataryny hödürleýär. Assortiment ýaglaryň üç dürli görnüşini öz içine alýar: HYDRO HLP VG68, HYDRO HLP VG46 hem-de HYDRO HLP VG32.

Täze önümler — saýlanan premium goşundylaryň goşulmagy bilen, ýokary hilli mineral ýaglardan işlenip taýýarlanylan gidrawlik ulgamlary üçin niýetlenen ýokary täsirli ýaglardyr.

«Şir Ýag» HYDRO HLP ýaglary şu maksatlar üçin ulanmaga amatlydyr:

  • stasionar we mobil gidrawliki nasoslar
  • gurluşyk beton nasoslary
  • awtoulaglar
  • agyr maşynlar
  • oba hojalyk we senagat enjamlary
  • gidrawlik pressler we ş.m.

«Asuda akym» kompaniýasy «Şir Ýag» HYDRO HLP ýaglarynyň ygtybarly goragy we gidrawliki enjamlaryňyzyň ýokary öndürijiligini üpjün edip, işiňiz üçin gymmatly baýlyga öwrüljekdigine ynanýar.

«Asuda akym» HJ-niň awtoulag, senagat we oba hojalyk ýaglary ýaly dürli maksatlar üçin önümleriň köpdürli görnüşini hödürleýändigini ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
  • telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72;
  • web saýty: siryag.com.

Şeýle-de okaň:

30.07.2024