2023-nji ýylyň 13-19-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň jemi 14-si hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 109 million 250 müň dollaryna deň boldy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Hytaýyň täjirleri «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen uçar kerosinini we polipropileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi hem-de EСО-93 belgili benzini satyn aldylar.
Mundan başga-da dollar serişdelerine azerbaýjanly we irlandiýaly işewürlere nah ýüplügi ýerlenildi.
Türkiýeli telekeçiler tarapyndan bahasy 262 müň 500 manat bolan nah ýüplügi satyn alyndy.