TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 134 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy

13.06.2022
177

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük hem-de jins mata satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 134 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 973 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

 

Çeşme: turkmenistan.gov.tm