TDHÇMB-de hepdäniň söwda netijeleri

29.08.2022
47

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 475 müň dollaryna deň bolan jemi 20 geleşik hasaba alyndy.

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmen telekeçileri içerki bazaryň zerurlyklary üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ýokary dykyzlykly polietileni, şeýle-de el halylary we umumy bahasy 14 million 247 müň manat bolan ýerli gurluşyk materiallaryny satyn aldylar.