Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda netijeleri

04.09.2022
27

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million 539 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 27 geleşik hasaba alyndy.

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Beýik Britaniýanyň, Wirgin adalarynyň we Azerbaýjanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýakyş mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän karbamidi we tehniki ýody satyn aldylar.

BAE-niň we Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tüýjümek önümleri, nah ýüplügini satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň telekeçilerine 1,5 million manatlyk nah ýüplügi ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ýokary dykyzlykly polietileni, gurluşyk materiallary we el halylary satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 15 million 416 müň manatdan gowrak boldy.