«Ak altynyň» hasylyny ýygnamak möwsümi başlandy

08.09.2022
81

7-nji sentýabrda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk çäresi — köpçülikleýin pagta ýygymy möwsümi başlandy diýip, TDH habar berýär.

Tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda «ak altyn» kerwenlerine badalga berildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, biraz soňrak – 14-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem olara goşularlar.

Pagta ýygymy möwsüminiň döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, hormatly ýaşulular tarapyndan başynyň başlanmagy türkmen ekerançylarynyň asylly däbine öwrüldi diýlip, çeşmede bellenilýär.