Türkmenistanyň baş muzeýleriniň birinde ýüpekçilige bagyşlanyp çäre geçirildi

13.11.2022
19

11-nji noýabrda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezinde ýurdumyzda ýüpekçiligiň ösüş taryhyna bagyşlanyp birnäçe çäre geçirildi. Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky milli toparynyň sekretariaty we Dokma senagaty ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy. 

«Türkmenistan – ýüpekçiligiň gadymy ülkesi» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we paýtagtymyzdaky muzeýleriň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni mirasy müdirliginiň wekilleri türkmen topragynda ýüpek matalaryny taýýarlamak sungatynyň ösüşi hakynda çykyş etdiler. 

«Ýüpekçilik – gadymy senetçilik» atly sergide bu halk senetçiliginiň gadymylygyny hem-de Merw döwründe has uly meşhurlygadyr gülläp ösüşe eýe bolandygyny subut edýän türkmen muzeýleriniň eksponatlary görkezildi. Şeýle eksponatlaryň hatarynda zenan lybaslary, erkek we zenan donlary, matalardyr beýlekiler bar.