TDHÇMD-de hepdelik söwda netijeleri

15.11.2022
18

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig biržasynda geçen hepdede umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 265 müň dollaryna deň bolan jemi 13 geleşik baglaşyldy. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Owganystanyň we Türkiýäniň işewürleri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen esas ýagyny, nebit koksuny satyn aldylar. 

BAE-niň telekeçilerine manat serişdeleriniň hasabyna nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 7 million 580 müň manat boldy. 

Mundan başga-da, içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen telekeçileri plastik poddonlary satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 4 million 123 müň manat boldy.