Daşoguzda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär

18.11.2022
16

16-njy noýabrda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer diýip, TDH habar berýär.

Hormatly Preizdentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda öňe süren başlangyjy boýunça geçirilýän bu döredijilik çäresi deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda, milli bähbitler hem-de umumy abadançylyk maksatlary hasaba alnyp guralýan türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir diýlip, çeşmede bellenilýär.