Ýokary hilli Bottega Veneta haryt nyşany müşderilere ýantorbalary abatlamak hyzmatyny hödürleýär

21.11.2022
17

Ýokary hilli Bottega Veneta haryt nyşany şu ýylyň noýabr aýyndan başlap, müşderilerine ýantorbalary mugt abatlamak hyzmatyny hödürleýär. 

Bu italiýan haryt nyşanynyň önümlerine möhletsiz kepilligiň berilmegi olaryň çydamlylygyny we ýokary hilliligini görkezýär. 

Bottega Veneta haryt nyşanynyň baş direktory Leo Rongon: «Eger-de siziň Bottega Veneta ýantorbaňyz nusgawy biçüwde bolsa, onda ol asyryň ahyryna çenli kepillige eýedir. Bu bolsa ol gymmatlygy çagalaryňyza hem-de agtyklaryňyza bermäge mümkinçilik döredýär» diýip belleýär.