TDHÇMB-de heplelik söwda netijeleri

23.11.2022
16

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 46 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 34 geleşik baglaşyldy.

Owganystanyň, BAE-niň we Türkiýäniň işewürleri daşary ýurt pulunyň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suw arkaly arassalanan ýangyjy we uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da dollar serişdeleriniň hasabyna gyrgyzystanly we türkiýeli telekeçilere nah ýüplügi hem-de Türkmenistanyň dokma kärhanalarynyň önümleri ýerlenildi. 

Türkmen telekeçileri tarapyndan içerki bazaryň zerurlyklary üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen esas ýagy we nebit bitumy satyn alyndy.  Geleşikleriň bahasy  39 million 500 müň manada deň boldy.