TDHÇMB-de hepdelik söwda netijeleri

29.11.2022
17

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million 250 müň 230 dollaryna deň bolan jemi 38 geleşik hasaba alyndy.

Owganystanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň  we Gyrgyzystanyň işewürler topary daşary ýurt pulunyň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini satyn aldylar. Manat serişdeleriniň hasabyna türk täjirleri nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 5 million 506 müň 500 manada deň boldy. 

Türkmen telekeçilerine manat serişdeleriniň hasabyna içerki bazar üçin zerur bolan tehniki kükürt we nebit bitumy ýerlenildi. Söwda geleşikleriniň bahasy  8 million 480 müň manada deň boldy.