Saýtymyzdan nädip sargamaly

Harydy saýlamak

    Saýtda harydy gözlemegiň we saýlamagyň birnäçe usullary bar. Eger-de siz haýsy nusgany satyn almak isleýän bolsaňyz gözleg meýdançasyna onuň adyny girizip bilersiňiz. Heniz siz belli bir nusgany saýlamadyk bolsaňyz, katalogymyzy we saýlama hyzmatymyzy gurluşlar boýunça ulanyň. Mundan başga-da, onlaýn dükanymyzyň tejribeli maslahatçylaryna jaň edip, önümi saýlamak we sowallaryňyzy jogaplamak babatda ýardam alyp bilersiňiz.

Saýtdan gözlemek

    Saýtyň ýokary böleginiň ortasynda saýtdan gözlemek hyzmaty görkezilendir. Gözleg meýdançasynda gözleýän nusgaňyzyň adyny girizip, ýokarky menýudaky «gözleg» nyşanyna basmak arkaly bar bolan islendik nusgany gözläp bilersiňiz. Onuň kömegi bilen dükanyň önümlerini önüm aýratynlygyna, adyna we nusgasyna laýyklykda tertipläp bilersiňiz. Saýt siziň gözlegiňiz esasynda haryt görnüşleriniň ähli bar bolanlaryny ýüze çykarar.

Harytlary katalogdan saýlamak

    Internet dükanyň katalogy harytlary aýratynlyklary boýunça, hatda has kiçi haryt toparlary ýaly bölümler boýunça ýerbe-ýer görnüşde özünde jemleýär. Bu gurluş sizi gyzyklandyrýan harytlaryň toparyny tapmaga ýardam edip, olary bahalary boýunça, ýagny siziň almak isleýän bahalaryňyza görä saýlamaga mümkinçilik berýär.

Sargyt etmek

Sargyt onlaýn usulda amala aşyrylýar. Munuň üçin şu hili amaly ýerine ýetirmelidir: Halan harydyňyzy saýlap, «Sebede goşmak» düwmesine basmaly. Şonda haryt awtomatik usulda sebediňize goşular. Şunlukda, size näçe haryt gerek bolsa, ähli harytlary saýlap sebediňize goşup bilersiňiz. Özüňize gerek harytlary saýlanyňyzdan soň, sargydy ýola goýup bilersiňiz.

Sebetden nähili peýdalanmaly?

    Sebetde ýerleşdiren harytlaryňyzy barlap, olardan haryt görnüşleriniň sanyny üýtgedip we zerur däl harytlary aýryp bilersiňiz. Eger söwdany tamamlamadyk bolsaňyz, onda «Söwda dowam ediň» düwmesine basmak arkaly ýene-de harytlary goşup bilersiňiz. Saýlajak harydyňyzy saýlan ýagdaýyňyzda bolsa, «Sargydy tassykla» düwmesi arkaly sargydy amala aşyryp bilersiňiz.
•    Sargyt etmegiň ikinji ädiminde eýýäm bellige alnan ulanyjy bolsaňyz siziň ulanyjy maglumatlaryňyz awtomatik usulda çykar. Eger siz sahypada entek hasaba alynmadyk bolsaňyz, onda özüňiz barada maglumatlary (familiýasy, ady we atasynyň ady) doldurmak zerurdyr.
•    Mundan soňra bolsa, sargyt etmegiň nobatdaky ädimine geçip bilersiňiz. Bu ýerde töleg usulyny we sargydyňyzy eltmeli salgysyny kesgitlemeli. 
•    Soňra size diňe girizilen maglumatlaryň dogrudygyny gözden geçirmek we «Sargyt etmek» düwmesine basmak galýar.