Töleg tertibi we eltip bermek

tjk.com.tm web-saýtyndan ýa-da «Bedew Jeans – TJK» ykjam mobil goşundysyndan satyn alnan harytlaryňyz üçin tölegleri harytlaryňyz eltilip berlenden soň nagt ýa-da bank karty arkaly nagt däl görnüşde amala aşyryp bilersiňiz. Şeýle-de, sargyt eden harytlaryňyzyň tölegini onlaýn usulda tölemek mümkinçiligi hem bardyr.

Satyn alnan harytlaryňyz «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän  çaparçylyk hyzmaty tarapyndan eltilip berler. Bu hyzmat ýurduň bütin çägi boýunça elýeter bolup, ol «gapydan-gapa» iş usuly boýunça amala aşyrylýar. Sargytlaryňyzy eltip bermegiň bahasy Aşgabat şäheriniň çäginde 15 manat, ýurdumyzyň welaýatlaryna bolsa 50 manatdan ybaratdyr.