Central Asia Fashion Spring-2023 (CAF) halkara sergisi 2023-nji ýylyň martynda Almaty şäherinde geçiriler. Bu barada riamoda.ru saýty serginiň guramaçylaryna salgylanyp habar berýär.
Sergide harytlaryň ýüzlerçe görnüşleri: zenan, erkek, çaga egin-eşikleri, şüweleň üçin lybaslar, aýakgaplar, aksessuarlar, uly ölçegli, işjeň hereketli durmuş ýörelgesine we öýde geýmek üçin niýetlenen egin-eşikler görkeziler.
Asylly däbe eýerip, CAF-yň guramaçylary oňa gatnaşyjylar üçin gyzykly maksatnama taýýarladylar. Oňa laýyklykda, sergä gatnaşyjylar we myhmanlar döwrebap lybaslaryň görkezilişi, awtograf sessiýalar, dürli duşuşyklar, tanyşdyrylyş dabaralary, ýörite ART-taslamalary ýaly çärelere gatnaşarlar.
Serginiň geçirilýän günleri: 13-15-nji mart.
Geçirilýän ýeri: işewür hyzmatdaşlygyň «Atakent» Gazagystan merkezi.