+99312258867 +99312324531
tjk@sanly.tm
tm TM en EN ru RU

Türkmenbaşy jins toplumy

Giriş
Halananlar
cart
Sebet
cart
  • Zenanlar
  • Erkekler
  • Çagalar
x
  • Zenanlar
  • Erkekler
  • Çagalar
Giriş Halananlar
  • +99362859444
  • tjk@sanly.tm
  • Baş sahypa
  • Täzelikler
News
«Mango» täze toplumyny reňklere bagyşlady

«Mango» «Colour Flash» atly täze çäkli egin-eşik toplumyny reňklere bagyşlady diýip, buro247.ru ýazýar. Toplum epinli köýnekleri, atlaz matasyndan etekleri we toplary öz içine alýar

Laým reňki – bu möwsümiň iň moda reňkleriniň biridir. Şeýle hem egin-eşik toplumynda gögüň ähli öwüşginleri (asman mawysy, patyşalyk gök reňk ýa-da Klaýanyň gök reňki) we gülgüne-melewşe reňkler bar.

21.04.2023
News
Swarovski haryt nyşany Marvel gahrymanlar toplumy bilen tanyşdyrdy

Zergärçilik önümleriniň Swarovski haryt nyşany   Marvel gahrymanlarynyň çäklendirilen toplumy bilen tanyşdyrdy. Bu barada buro247.ru internet neşiri WWD-e salgylanyp habar berýär.

Topluma bezegleriň 8-si – hrustal şekiljikler we nakleýkalaryň (ýelimli stikerleriň) toplumy girizildi. Taýýarlanan gahrymanlaryň arasynda möý Adamyň, gara Panteranyň, kapitan Marweliň, demir Adamyň we Halkyň hrustaldan ýasalan şekiljikleri bar. 

Her bir şekiljigi taýýarlamak üçin  243 sagat sarp edildi. 

17.04.2023
News
Lionel Messi  Louis Vuitton kompaniýasynyň mahabat wideosyna düşdi

Argentinaly futbolçy Lionel Messi Louis Vuitton kompaniýasynyň mahabat wideosyna düşdi. Bu barada buro247.ru internet neşiri ýazýar.

Mahabat wideosynda ýyldyz futbolçy Horizon çemodanlarynyň toplumy bilen tanyşdyrýar.

Täze toplum senagat dizaýnerleriniň iň meşhurlarynyň biri bolan Mark Nýuson tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.  Nýuson  Louis Vuitton kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy 2014-nji ýylda ýola goýdy. Şol wagtdan bäri dizaýner bu haryt nyşany üçin rýukzaklaryň we çemodanlaryň dürli görnüşlerini döretdi. 

15.04.2023
News
Gucci Los-Anjelesde ilkinji salon dükanyny açdy

Buro247.ru internet neşiriniň WWD-e salgylanýan habarynda bellenilişi ýaly, Gucci Los-Anjelesde ilkinji salon dükanyny açdy. 

Barly müşderiler üçin niýetlenen haryt nyşanynyň dükanyna diňe öňünden ýazylyp girmek bolýar. 

Salon dükanynda gyzyl ýodalarda geýmek üçin niýetlenen ýörite Gucci  lybaslary we seýrek duş gelýän bezeg önümleri satylýar. Gucci harytlarynyň bahasy 40 000 ýewrodan başlap, 3 milliona barabardyr. 

13.04.2023
News
Ilkinji Ýewraziýa moda maýa goýum forumy tomusda Moskwa şäherinde geçiriler

2023-nji ýylyň 7-8-nji iýunynda Moskwada geçiriljek BEE-TOGETHER.ru autsorsing boýunça 15-nji halkara işewürlik meýdançasynyň çäklerinde ilkinji Ýewraziýa moda maýa goýum forumy guralar. Bu barada profashion.ru habar berýär.  

Çäräniň maksady ösüş ýa-da satuw üçin maýadarlaryň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Moda forumynda Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki döwletleriň taýýar telekeçiligiň satuwy, spartaplar, işewürligi giňeltmek hem-de ösdürmek boýunça taslamalary görkeziler. 

Foruma gatnaşyjylar taslamanyň maýa goýum çekijiligini, gerekli maýa goýumlaryň göwrümini, geçginliligiň möhletini beýan edýän kiçi göwrümli wideolary hödürläp bilerler. 

10.04.2023
News
Germaniýada Fendi haryt nyşanynyň täze dükany açylar

Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde Fendi modalar öýüniň täze dükanynyň açylyş dabarasy bolar. Bu barada buro247.ru habar berýär.  

Dükan umumy meýdany 460 inedördül merte deň bolan iki gatdan ybarat bolar. Italiýan haryt nyşanynyň täze dükanynyň içki bezegini nemes suratkeşi Pepi Eldboris ýerine ýetirdi. 

Onuň içki bezeginde yşykly arkalaryň hyzmatyndan peýdalanyldy. Dükanda ýerleşdirilen Fendi haryt nyşanynyň adynyň bezegi hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol modalar öýüniň Palazzo della Civiltà Italiana  atly rim köşgünde ýerleşýän ştab kwartirasyny ýada salýar.

08.04.2023
News
Gucci we adidas tarapyndan bilelikde taýýarlanan harytlaryň satuwa çykaryljak senesi mälim edildi

Gucci we adidas tarapyndan bilelikde taýýarlanan krossowkalaryň toplumynyň satuwa çykaryljak senesi resmi taýdan yglan edildi. Täze toplumyň tanyşdyrylyşyny 7-nji aprelde geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada buro247.ru Hypebae-e salgylanyp habar berýär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur haryt nyşanlary  adidas-yň nusgawy görnüşlerine üýtgeşmeler girizdiler. Toplum Gazelle görnüşiň Italiýanyň baýdagynyň hem-de gyrmyzy ýaşyl reňkli nusgalaryny öz içine alýar. Ylgaw üçin niýetlenen ZX8000 görnüşiň ökjesine bolsa gök reňk berlip, sary we gyrmyzy reňkli bezegler edildi. 

05.04.2023
News
Anjelina Joli egin-eşikleriň we zergärçilik önümleriniň hususy haryt nyşanyny taýýarlamagy meýilleşdirýär

Golliwudyň artisti Anjelina Joli  Atelier Jolie haryt nyşanly söwda markasyny bellige aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada buro247.ru internet neşiriniň The Sun-e salgylanýan habarynda aýdylýar.

Meşhur artist egin-eşikleriň, zergärçilik önümleriniň we ýatak otagy üçin niýetlenen düşek örtükleriniň döredilmegine gatnaşar. 

Atelier Jolie haryt nyşanynyň müşderilere ýetiriljek möhleti heniz mälim edilmedi.   

03.04.2023
News
Emeli añ arkaly döredilen modeller Levi's jinlerini görkezerler

Levi's haryt nyşany kompýuter modellerini döretmek boýunça kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge başlar. Emeli aň arkaly döredilen modeller Levi’s egin-eşikleriniň görkezilişini ýerine ýetirerler. Bu barada buro247.ru internet neşiri Hypebeast-e salgylanyp habar berýär. 

Levi's kompaniýasynyň wekilleri «emeli aň, elbetde, hiç bir wagt dolulygyna adamlaryň ýerini tutup bilmez» diýip belleýärler. Şeýle hem bolsa görkezilişe bu hili çemeleşme marketing materiallaryny döretmek bilen bagly çykdajylary azaltmaga ýardam edýär.          

31.03.2023

  • «
  • ‹
  • …
Logo

Türkmenbaşy
jins toplumy

Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etrap, Aşgabat-Türkmenbaşy gatnaw ýoly, 13 km
+99362859444
+99312258867    +99312324531
+99312258874
tjk@sanly.tm
RSS
Kategoriýalar
  • Zenanlar
  • Erkekler
  • Çagalar
Maglumat
  • Biz barada
  • Saýtymyzdan nädip sargamaly
  • Töleg tertibi we eltip bermek
Habarlaşmak
© 2023 Ähli hukuklar goragly.