TDHÇMB-de söwdalaryň hepdelik netijesi

01.02.2023
158

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nobatdaky söwdalaryň barşynda jemi 3 geleşik baglaşyldy. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň maglumat bermegine görä, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy.  

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümi bolan nah ýüplügini hem-de jins matasyny satyn aldylar. 

1 million 684 müňden gowrak manat serişdelerine hindistanly işewürlere nah ýüplügi ýerlenildi.