Aýdymçy Rianna çagalar üçin Fenty Kids haryt nyşanly egin-eşikleri çykarar

03.02.2023
101

Meşhur aýdymçy Rianna çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleri çykarmagy maksat edinýär. Artist  Fenty Kids haryt nyşanynyň bellige alynmagy üçin arza berdi. Bu barada  buro247.ru Hypebae-e salgylanyp belledi.

Haryt nyşanynyň astynda çagalaryň gündelik geýmek, tennis oýnamak, suwa düşmek we buzda typmak üçin niýetlenen egin-eşiklerini müşderilere hödürlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Fenty Kids söwda belgisi aksessuarlary(başgaplary, guşaklary, joraplary we ş.m), mata arlyklaryny we ýatak otagy üçin gerekli önümleri taýýarlar. 

Mundan başga-da Riannanyň  Fenty Beauty haryt nyşanly şahsy kosmetika serişdeleri  alyjylara ýetirilýär.