Geçen hepdede Nýu-Ýorkda geçirilen moda hepdeliginde Michael Kors haryt nyşany sosial ulgamda laýklaryň, teswirleriň we ýazgylaryň 4 millionyndan gowragyny gazandy. Bu barada buro247.ru-nyň WWD-e salgylanýan habarynda bellenýär.
Sosial ulgamyň ulanyjylarynyň uly ünsüni çekmegine Michael Kors haryt nyşanynyň önümleriniň görkezilişine ýokary derejeli myhmanlaryň - Keýt Hadsonyň, Keti Holmsyň, Lili Oldrijiň, Kiki Leýniň, Gloriýa Steýnemiň, Lea Mişeliň, Ella Hantyň we beýleki ýyldyzlaryň çagyrylmagy hem sebäp boldy.
Ikinji orny sosial ulgamda ulanyjylaryň 805 263 işjeňligine mynasyp bolan Coach, üçünji orny bolsa olaryň 678 716 işjeňligini toplamagy başaran Tory Buch haryt nyşanlary eýeleýär.