Milanda Louis Vuitton haryt nyşanynyň sergisi açyldy

28.02.2023
74

LV Trainer aýakgaplarynyň (krossowkalarynyň) görnüşine täzeçillikleri girizmek bilen bagly işleriň ilkinji bölegine bagyşlanan sergi fransuz modalar öýi Louis Vuitton tarapyndan açyldy. Ol Milandaky Garage Traversi-de ýerleşýän Louis Vuitton dükanynda geçirilýär. Bu barada buro247.ru Hypebeast-e salgylanyp habar berýär.

Aýakgaplaryň(krossowkalaryň) görnüşi bolan LV Trainer haryt nyşanynyň erkek egin-eşikleri ugrunyň suratkeşlik boýunça  öňki ýolbaşçysy Wirjilu Ablo tarapyndan döredildi. 2019-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde müşderilere ýetirilen bu aýakgaplar uly meşhurlyga eýe boldy.