Geçen hepdede, 20-26-njy fewralda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda jemi 13 geleşik hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million 721 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi belleýär.
Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem portlandsementi, nah ýüplügini we tüýjümek önümleri satyn aldylar.
Daşary ýurt pulunyň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine umumy bahasy 4 million 175 müň manat bolan nah ýüplügi ýerlenildi. Mundan başga-da, türkmen telekeçileri içerki bazaryň zerurlyklary üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 2 million 500 müň manat boldy.