Burberry modalar öýi döredilmeginiň 160 ýyllygy mynasybetli kitap neşir etdirer. Onda 1856-njy ýyldan – Tomas Berberriniň ýörelgesinden başlap, haryt nyşanynyň önümçiligine Deniýel Liniň gelmegine çenli döwrüň taryhy gürrüň berler. Bu barada buro247.ru-nyň WWD-e salgylanýan habarynda bellenýär.
Neşir 5 bölümden ybarat bolup, suratlaryň 200-sini özünde jemlär. Kitabyň üsti bilen okyjy Burberry haryt nyşanynyň şekiliniň döreýşi, onuň ösüşine goşant goşan taryhy şahsyýetler we beýlekiler bilen tanşar.
Neşiriň resmi goýberilişi 28-nji martda bolar.