27-nji fewral 5-nji mart aralygynda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda jemi 14 geleşik baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 729 müň dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi belleýär.
Owganystanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlaryna dollar serişdeleriniň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt, şeýle hem buýan köki ýerlenildi.
Türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen esas ýagyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 4 million 680 müň manat boldy.