Amerikanyň sport egin-eşiklerini öndürýän haryt nyşany New Balance we AS Roma futbol topary Legacy ady bilen bilelikde toplum taýýarlady. Bu barada buro247.ru habar berýär.
Toplum italiýan futbol toparynyň gelip çykyşyna we taryhyna hormat nyşany hökmünde döredildi. Täze egin-eşikleriň hatarynda sport güpbüsi(kurtka) we köýnekleriň iki görnüşi bar. Olar futbol toparynyň däp bolan gyzyl hem sary reňklerinde däl-de, ýaşyl reňkde taýýarlanyldy.