Geçen hepdede TDHÇMB-de söwdalaryň barşy

16.03.2023
175

6-12-nji mart aralygynda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda jemi 33 geleşik baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 müň dollaryna deň boldy. 

Owganystanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň telekeçileri dollar serişdelerine «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni we uçar kerosinini, şeýle hem portlandsementi satyn aldylar. 

Türkmen işewürlerine içerki bazaryň zerurlyklary üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen ýol nebit bitumy hem-de el halylary ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 32 million 617 müň manat boldy.