Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde Fendi modalar öýüniň täze dükanynyň açylyş dabarasy bolar. Bu barada buro247.ru habar berýär.
Dükan umumy meýdany 460 inedördül merte deň bolan iki gatdan ybarat bolar. Italiýan haryt nyşanynyň täze dükanynyň içki bezegini nemes suratkeşi Pepi Eldboris ýerine ýetirdi.
Onuň içki bezeginde yşykly arkalaryň hyzmatyndan peýdalanyldy. Dükanda ýerleşdirilen Fendi haryt nyşanynyň adynyň bezegi hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol modalar öýüniň Palazzo della Civiltà Italiana atly rim köşgünde ýerleşýän ştab kwartirasyny ýada salýar.