«Türkmenistan» awiakompaniýasy » açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň syýasatyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, online awiabilet satuw saýtyndan turkmenistanairlines.tm üpjün edilen awiabilediniň pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy howa gatnawynyň awiabiledine tölegini geçiren şahsyýetiň talap etmegi esasynda, diňe ýolagçy tarapyndan (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili tarapyndan) doldurylan howa gatnawynda uçmaýandygy we pul serişdelerini yzyna gaýtarmak baradaky arza esasynda ýerine ýetirilýär.
Howa gatnawynyň online awiabilediniň pul serişdelerini yzyna gaýtarmak üçin arzanyň nusgasy şu ýerden alyp bilersiňiz.
Şeýle hem, awiakompaniýa talap eden ýagdaýynda yzyna gaýtarmak üçin petek alnanda töleg geçiren kartyňyzyň bank maglumatlary (rekwizitleri) gerek bolup biler.
Awiakompaniýa biletleriniň yzyna gaýtarylmagyny tassyklandan soň, pul serişdeleri 20 (ýigrimi) iş günüň içinde yzyna gaýtarylýar.
Petekler yzyna gaýtarylanda aşakdaky tutumlar tutulyp biler:
Ýolagçynyň awiabiledini yzyna tabşyrmak üçin gerekli bolan maglumatlary bilen bagly goşmaça soraglaryňyza awiakompaniýanyň +993 (12) 39-17-78 / 39-17-47 / 39-17-70 telefon belgilerine jaň etmek arkaly jogap alyp bilersiňiz.
Bellik: «Türkmenistan» awiakompaniýasy www.turkmenistanairlines.tm web saýtyndan başga saýtlarda satyn alnan awiabilet üçin pul serişdelerini yzyna gaýtarmaýar. Awiakompaniýanyň ýokarda görkezilen web saýtyndan satyn alynan awiabilet diňe şol saýt arkaly yzyna gaýtarylýar.