«Türkmentel-2023» halkara sergisiniň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürlik duşuşyklary geçirildi

10.11.2023
103

9-njy noýabrda Aşgabatda öz işine başlan «Türkmentel — 2023» halkara sergisi çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar türkmen kärdeşleri bilen birnäçe işewürlik duşuşyklaryny geçirdiler.

Bellenilişi ýaly, duşuşyklarda telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary bilen giňişleýin tanyşlyk hödürlenilýän teklipleriň gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşylmagyna we özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açmaga şert döretdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş hünärmenleriniň gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde «Data merkezlerini» ösdürmek we döretmek boýunça ýaşlaryň barlaglary» atly «tegelek stol» duşuşygy-da geçirildi. Onuň barşynda «Data merkezlerini» işläp taýýarlamak we döretmek, giň göwrümli maglumatlary işläp taýýarlamagyň we saklamagyň talaplaryny ýönekeýleşdirmek, müşderilere hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmak, şeýle hem täze tehnologiýalar bilen netijeli işlemek üçin işgärleri okatmak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän barlaglaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.