Türkmenistan we ÝUNESKO maglumat tehnologiýalary boýunça bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

10.11.2023
173

Şu gün Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu resminama Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we ÝUNESKO-nyň bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Çžan gol çekdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, resminamada bilim ulgamynda ösen maglumat tehnologiýalaryny ulanmak we tejribe toplamak boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary hödürlenýär.