Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylary Tokioda geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşdylar

14.11.2023
192

4 — 11-nji noýabr aralygynda Türkmenistandaky orta mekdepleriň okuwçylary Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşdylar.

Bu çärä gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilendigini we halkara ülňülere laýyklykda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmagyň ýurt syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Çeşmede bellenişine görä, Ýaponiýanyň Ylym we tehnologiýa agentliginiň Sakura ylmy maksatnamasy bu — beýleki ýurtlardan we sebitlerden gelen ýaşlary ýapon deň-duşlary bilen ylym we tehnologiýa alyş-çalyşlaryna gatnaşmaga çagyrýan taslamadyr.

Okuwçylar bir hepde dowam eden okuwlaryň çäginde öňdebaryjy alymlaryň ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Ýaponiýanyň medeni tejribesi bilen ýakyndan tanşyp, ýurduň meşhur uniwersitetlerine we ylmy-gözleg institutlaryna baryp gördiler.