BMG «NowaEco» türkmen kärhanasynyň önümçiligine gyzyklanma bildirýär

13.05.2024
136

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we BMG-niň düzümleriniň ýurtdaky agzalary, şeýle-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesindäki «NowaEco» kärhanasyna baryp gördüler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

«NowaEco» öz önümçiliginde oba hojalyk we dokma pudagynyň galyndylaryny ulanýar. Oba hojalygy we dokma galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy netijesinde 290 müň tonna galyndydan 230 müň tonna goşmaça gymmata eýe bolan gofrokarton, kagyz haltalary we karton, depderler, A4 ofis kagyzy ýaly önümler öndürilýär.

Bu taslama Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin 500-den gowrak iş ýeriniň döredilmegine mümkinçilik berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iki esasy pudagynda – oba hojalygy we dokma senagatynda howa çykarylýan kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ep-esli azaltdy, kärhana we ýerli derejede sirkulýar ykdysadyýet ýörelgelerini girizdi. Netijede, DÖM-iň 1, 8, 9, 12, 13 we 15 maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin goşant goşdy.

«Nowa Eco» Türkmenistanda öňdebaryjy gofrokarton gaplama we kagyz öndürijidir. Kompaniýanyň Türkmenistanyň içerki bazaryndaky paýy, takmynan, 50 göterim bolup, ýurduň kagyz we gaplama pudagynyň lideri bolup durýar.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan bu sapar BMG-niň hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky başlangyjynyň netijesidir. Ýeri gelende bellesek, bu hyzmatdaşlyk 2023-nji ýylda, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini we onuň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi esasynda ýola goýlupdy.

2024-nji ýylyň fewral aýynda bolsa bu Ähtnamany amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen «BMG — Hususy pudak» hyzmatdaşlyk platformasy işe girizildi.