Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

13.05.2024
113

Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama bilen, "Türkmenobahyzmat" döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi, "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda, ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle-de ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagynda ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşigine ygtyýar berildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň rysgaly we azyk garaşsyzlygynyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.