«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

27.07.2024
27

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Änew şäheriniň medeniýet öýüniň giň dabaralar meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşige welaýatyň etraplaryndan gelen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň talapkär emin agzalary ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahnada özüni alyp barşyna, zehinine mynasyp baha berdiler. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeň aýdymçysy Aýnur Gurbanmyradowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Gurbansoltan Annalyýewa ýeňijiler diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, olar döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.