Raşid Meredow Eýrana iş sapary bilen geldi

30.07.2024
260

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Eýran Yslam Respublikasynyň täze prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipe girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana geldi. Dabara şu gün Eýran parlamentinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ol Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan Pezeşkianyň döwlet baştutany hökmünde tassyklanmagyndan soň geçiriler diýip, Mehr habar berýär.

Raşid Meredowyň sapary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 26-njy iýulda hökümet mejlisinde gol çeken buýrugy esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň biziň ýurdumyzyň iň ýakyn goňşularynyň we hyzmatdaşlarynyň biridigini we onuň bilen dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady.

Belläp geçsek, Raşid Meredow şeýle-de Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesini eýeleýär we türkmen tarapyndan türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň başlygy bolup durýar.