Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler

28.10.2024
31

Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu ýylyň 1-nji noýabrynda “Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurduň gazanan ykdysady üstünlikleri, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Foruma ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.