«Ozon» söwda meýdançasy Türkmenistanda öz haryt nyşany bilen tikinçilik işini ýola goýdy

30.07.2022
12

Rus söwda meýdançasy «Ozon» hususy «Hola» haryt nyşany bilen egin-eşik satuwyny ýola goýdy. Haryt nyşany üçin egin-eşikler Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Hytaýdan on sany öndüriji tarapyndan taýýarlanylýar diýip, gazeta.ru söwda meýdançasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Häzirki wagtda «Ozonda» zenanlar we çagalar üçin niýetlenen täze haryt nyşanly egin-eşikleriň 30-a golaýy hödürlenýär.

«Hödürlenýän harytlaryň görnüşleri güýz aýlary 300-den geçer, olaryň sanawy çagalar üçin baş gaplar, gyzjagazlar üçin köýnekler, erkekler üçin eşikler, ulular we çagalar üçin jorap önümleri, şeýle hem daşky geýimler bilen doldurylar» – diýlip, habarda bellenilýär.

«Hola» haryt nyşany – kežual görnüşli geýimleriň esasylarydyr. Aýallar üçin köýnekçeler (futbolkalar), longsliwler we switşotlar, çagalar üçin bolsa – ýatylýan egin-eşik (pižama), köýnekçeler (futbolkalar), sport balaklary (legginsi) we sport eşikleri.

Hyzmatyň wekilleriniň bellemeklerine görä, täze okuw ýylynyň başlamagynyň öňüsyrasynda özüne çekiji teklipler hem bar.

«Ozon» öňdebaryjy elektron söwda platformasydyr we Russiýanyň iň iri internet-kompaniýalarynyň biridir. Meýdançada 20-den gowrak derjede 100 milliondan gowrak haryt hödürlenýär: kitaplardan we egin-eşiklerden başlap, azyk we saglyk önümlerine çenli.