Şu günler Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagyna taýýarlyk işleri sazlaşykly alnyp barylýar.
Bu ýerde üstümizdäki ýylyň pagta hasylyny daşamak üçin 1600-den gowrak ulag serişdelerinden, şol sanda 200-den gowrak «John Deere» kombaýnlaryndan, МХ-1,8 özbek traktorlary bilen pagta ýygnaýjy ulaglardan peýdalanylar.
Şunuň bilen birlikde welaýat pagta kabul ediş harmanlarynda-da abatlaýyş işleri geçirilýär.
Ýygnalan hasyl «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalaryna iberilip, şondan soň bolsa içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli bäsdeşlik önümlerini taýýarlamak üçin gaýtadan işlener.
Bu ýylky pagta hasylyň agramly bölegi «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «Jeýhun», S4727, F149 ýaly orta süýümli pagta sortlaryndan, şeýle hem türkmen tohum ösdürip ýetişdirijileriniň döreden täze Ýolöten-39 sortundan ybarat bolar.