Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sungat bazary» senetçilik sergisi geçirildi.
Özboluşly milli gymmatlyklaryň hatarynda senetçi, etnograf Ajap Baýryýewanyň we biçimçi Zerawjan Najmetdinowanyň täzeçe çemeleşmeleriniň esasynda taýýarlanan köýnekler, lybaslar, geýimler, halatlar we žiletler ýaly köne egin-eşik nusgalary tanyşdyryldy.
Ajap Baýryýewa USAID maksatnamasynyň «Handmade exports 2021» bäsleşiginiň ýeňijisidir. Ol bu ugurda özboluşly alaja başgaplary taýýarlamak taslamasynyň hem awtorydyr. Türkmenabatly Zerawjan Najmetdinowa bolsa häzirki zaman we gadymy stildäki milli eşikleri taýýarlamakda uly tejribä eýe bolan başarnykly tikinçidir.
Gadymy döwürlerde çagalaryň egin-eşiklerini zenanlaryň lybaslaryndan taýýarlapdyrlar. Çagalaryň eşikleriniň hemmesi özboluşly tumar hyzmatyny ýerine ýetirmek bilen, nesilleriň arasynda özboluşly arabaglanyşygy döreden nagyşlar bilen bezelipdir. Çaga eşiklerine bezeg beren elementleriň arasynda üçburçluk görnüşindäki matalar, kümüş sapaklar, monjuklar, düwmeler we alaja örümleri bar.