Aşgabat «Moda hepdeligi – 2022» gatnaşyjylary kabul edýär

06.09.2022
181

Türkmenistanyň paýtagtynda 2-nji sentýabrdan bäri ýurduň öňdebaryjy modelýerleriniň we dizaýnerleriniň gatnaşmaklarynda, «Türkmenistanda öndürildi» şygary astynda «Moda hepdeligi – 2022» geçirilýär diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

«Aşgabat – dizaýn şäheri: Moda hepdeligi – 2022» festiwalynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň goldaw bermeginde dizaýn ussatlarynyň gözden geçirilişi guraldy.

«Moda hepdeliginiň» çäklerinde Aşgabat modeller öýüniň güýzki egin-eşik toplumynyň görkezilişi, şeýle hem milli lybaslaryň ýarmarkasy guraldy. Gözden geçirilişiň myhmanlaryna öňki moda görkezilişleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçilikleri hakynda wideoşekilleri görkezildi.

Çäräniň esasy maksady milli lybaslaryň önümçiligine ýöriteleşen türkmen haryt nyşanlaryny goldamakdan, zehinli moleýerleri ýüze çykarmakdan we olaryň işlerini ilerletmekden ybaratdyr.