14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beren tabşyrygyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygym möwsümi başlandy.
Pagta ýygymyna başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, agronomlar, kombaýnçylar, kärendeçi pagtaçylar, sürüjiler gatnaşdylar.
Demirgazyk sebitiň toprak-howa şertleri sebäpli bu ýerde pagta ýygym işleri Türkmenistanyň beýleki sebitlerine garanyňda, biraz giç başlanýar. Şu ýyl Daşoguz welaýaty boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekilipdi, ondan pagtanyň ortasüýümli görnüşleriniň 275 müň tonnasyna çenli hasyl almak meýilleşdirilýär.
Pagta ýygymy möwsüminde ýük awtoulaglarynyň 1646-sy işlediler, kabul ediş nokatlary we pagta arassalaýjy kärhanalar işlemäge taýýar ediler.
Pagta ýygymyna ilkinji bolup Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary girişdiler. 2022-nji ýylda pagta üçin 580 müň gektar ýer bölünip berildi, ol geçen ýylkydan 40 müň ga azdyr. 1 mln 250 müň tonna «ak altyn» ýygnamak göz öňünde tutulýar.