Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylaryň biri hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligidir.
Ýurdumyzyň dokma pudagy şeýle çärelere yzygiderli gatnaşyp, öz önümleri bilen tanyşdyrýar. Önümçiligiň täze harytlary – nah ýüplükleriň we matalaryň dürli görnüşleri, şeýle-de pagtadan, ýüpekden, ýüňden taýýar önümler myhmanlaryň ünsüni çekýär.
Serginiň çäklerinde däp bolşy ýaly, Aşgabat Modeller öýüniň gatnaşmagynda moda görkezilişi geçirildi. Onda paýtagtly modelýerleriň milli biçüwde tikilen egin-eşik toplumlary hem-de çagalar we ýaşlar üçin gündelik egin-eşik toplumlary görkezildi.