TDHÇMB-de hepdäniň söwda netijeleri

02.11.2022
32

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 365 müň dollaryna deň bolan jemi 37 geleşik hasaba alyndy.

Owganystanyň, Türkiýäniň we Serbiýanyň telekeçileri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, nah ýüplügi we buýan köküniň ekstrakyny satyn aldylar.  

Içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit koksuny, esas ýagyny, polipropileni, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, şeýle hem el halylary satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 155 million 619 müň manatdan gowrak boldy.