Russiýanyň çaga egin-eşiklerini öndürýän Acoola haryt-nyşany Talantonline taslamasy bilen birlikde «Ýaş dizaýner» atly onlaýn okuwlaryny guraýar. Bu barada fashionunited.ru internet saýty habar berýär.
Oňa gatnaşmak üçin arzalar ýaş derejeleriniň 3-si: 8-10 ýaş, 11-13 ýaş we 14-17 ýaş boýunça kabul edilýär. Arzalar talantonine.ru saýtynda 2022-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli hasaba alnar.
Onlaýn-okuwyna gatnaşmak isleýänler modelleriň çyzgylaryny we geljek spring, summer-2022 möwsüm üçin çagalara niýetlenen egin-eşikleriň toplumyny taýýarlamalydyr. Mundan başga-da, çagalardyr ýetginjekler öz çyzgylarynyň çap edilen görnüşlerini hödürläp bilerler.
«Ýaş dizaýner» onlaýn-okuwynyň netijeleri 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda jemlener.