TDHÇMB-de nobatdaky söwda netijeleri

07.11.2022
26

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 334 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 9 geleşik hasaba alyndy. 

Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Kataryň we beýleki döwletleriň telekeçileri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we portlandsementi satyn aldylar. 

Türkmen işewürleri milli manat serişdelerine «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni,  «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni we и pagtanyň gaýtadan işlenilen galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy  18 million 231 müň manada deň boldy.