Fabergé kompaniýasy «Tagt oýunlary» serialyna esaslanýan ilkinji zergärçilik önümlerini taýýarlady

01.12.2022
31

Fabergé zergärçilik kompaniýasy «Tagt oýunlary»(«Игра престолов») serialyna esaslanyp zergärçilik önümleriň ilkinji toplumyny taýýarlady. Bu barada buro247.ru WWD-e salgylanyp habar berýär.

Dragon («Drakon») – zergärçilik önümlerininiň ilkinji toplumy bolup, ol satuw sany çäklendirilen 5 sany önümi öz içine alýar.  Zergärçilik önümlerinde,  esasan, gyzyl we gara reňkler ulanyldy. 

Fabergé ķöp bölümli kino eserine bagyşlap ýene-de kapsula toplumlarynyň 4-sini taýýarlamagy meýilleşdirýär.