The North Face döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli kapsullaýyn toplumyny hödürledi

03.12.2022
104

The North Face amerikan kompaniýasy döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary hilli Nuptse kurtkalaryny(gyşky penjeklerini) müşderilere hödürledi. Bu hakynda buro247.ru habar berýär. 

Kurtkalaryň bu görnüşi ilkinji gezek 1992-nji ýylda döredilip, häzirki wagta çenli degişli geýimleriň arasynda meşhurlygyny saklaýar. 

Topluma kurtkalaryň gyzyl, gök we abstrak çap usulyndaky ak-gara reňkleri girizildi. Şeýle hem kurtkalaryň ähli görnüşleri 1992-nji ýylyň asyl nusgasyndaky ýaly zolaklar bilen bezeldi.